Metal turba gyzgyn suwy guýmaly bolarsyňyz. Elleriňizi ýakmazlyk üçin muny ellik geýip etmeli.
Turbanyň uzynlygy $L=50.0~\textrm{cm}$, turbanyň daşky diametri $D=12~\textrm{mm}$, suwuň dykyzlygy $\rho=1.00~\textrm{g}/\textrm{cm}^3$, we suwuň udel ýylylyk sygymy $c=4.2~\textrm{J}/(\textrm{g}\cdot^\circ\textrm{C})$. Turbanyň metal bölegi ýylylygy örän gowy geçirýär. Turbanyň ýarysy galyňlygy $d_b=0.68~\textrm{mm}$ bolan gara elektrik lenta bilen saralan, we beýleki ýarym bölegi bolsa galyňlygy $d_w=0.38~\textrm{mm}$ bolan ak reňk lenta bilen saralan.
Dykgat! ak reňkli lentany öllemeli däl (Suw degirmeli däl). Termometrden wilkasyny aýyrmak gadagandyr!
Biz bu soragda birhilli däl ýylylyk geçirijilikli turbanyň içindäki suwuň sowadylmagyny öwreneris. Sowadylmanyň dinamikasy iki sany hadysa bilen öwrenilýär.
Ak reňkli lenta bilen baglanyşykly ululyklary belgilemek üçin «$w$» indeksi ulanarys, we elektrik lentasy bilen baglanyşykly ululyklary belgilemek üçin «$b$» indeksi ulanarys.
Ölçeg etmäge turbanyň içine $20~\textrm{ml}$ gyzgyn suw guýmak bilen başlaň. Muny ýerine ýetireniňizde, dökülen ilkinji bölekler ahyrsoňy sowar, sebäbi tutuş ulgamy gyzdyrmak üçin ýylylyk ýitýär. Ölçegleri etmezden öň, turbanyň iki ujundan probka bilen ýapylmalydygyna göz ýetiriň we içindäki suwy birmeňzeş temperatura ýetirmek üçin güýçli bilen garyşdyryň!
Termometriň gutusy ýok bolsa, ony elektrik lentasynyň üstünde rezin lenta bilen berkidiň. Sowadylma wagtynda turbany stol bilen ýylylyk çalşygyny azaltmak üçin berkidijilerde ýerleşdiriň.