Logo
Logo

Suw sagady

A. Giriş

Wagty periodik ýa-da üznüksiz dowam edýän fiziki prosesleriň kömegi bilen ölçäp bolýar. Döwrebap elektron sagatlarynyň döredilmeginden öň wagty hasaplamak üçin Gün sagatlary, maýatnikli sagatlar we suw sagatlary ýaly dürli usullar ulanylypdyr.

Suw sagady wagty suwuň dolandyrylýan akymy arkaly ölçeýär. Bu tejribede siz suwuň akymyny dolandyrýan fiziki ýörelgeleri (prinsipleri) öwrenersiňiz we olary suw sagadyny gurnamak üçin ulanarsyňyz.

B. Eksperimental gurallar

Aşakdaky enjamlar berilýär:

1. A gap (aşaky gap; klapan (wentil) we iki sany deşik dykysy bilen enjamlaşdyrylan)

2.B gap (suw bilen üpjün edýän ýokarky gap, bir sany deşik dykysy bilen enjamlaşdyrylan)

3. Gap goýulýan direg (podstawka)

4. Suw ýygnalýan gap

5. Iki sany suw çüýşesi (hersiniň göwrümi 2 litr, suratda görkezilmeýär)

6. Sifon nasosy

7. Sekundomer

8. Menzurka

9. Çyzgyç

10. Suwly dereje ölçeýji (Уровень / Spirit level)

11. Sazlanýan daýanç esasy (podstawka)

12. Süpürgiç (Suratda görkezilmeýär)

*Süpürgiç ýadygärlik sowgatdyr, ony synag gutarandan soň özüňiz bilen alyp bilersiňiz.

None

Podstawkanyň sazlanmagy

Sazlanýan podstawkanyň plastinasynyň aşagynda dört sany nurbat (wint) ýerleşýär. Siz olaryň hersiniň beýikligini nurbaty aýlamak arkaly üýtgedip bilersiňiz.

None

Sifon nasosy

Gabyň içindäki suwy sifon nasosynyň kömegi bilen aýryp bilersiňiz. Göni turbajygy suwuň içine salyň, şlangany bolsa suw çüýşesiniň içinde ýerleşdiriň. Soňra gyzyl tutawajy gysyp-goýbermek arkaly suwy çüýşä geçirip bilersiňiz.

BELLIK:

Ölçegleri başlamazdan ozal, beýikligiň dogry ölçenmegi üçin sazlanýan podstawkanyň we gaplaryň tekiz (göni) goýlandygyna göz ýetiriň.

Gurluşyň suwda ýokary galyp gitmeginiň öňüni almak üçin, gabyň içindäki suwy yzygiderli sorup alyň (boşadyň).

Jogap sahypalaryňyza ýazmazdan ýa-da başga bir tejribe enjamlaryny ellemezden ozal elleriňizi guratmagy ýatdan çykarmaň

Suw syzmagy, näsazlyk ýüze çykmagy ýa-da deşigiň dykysy ýitirilen ýagdaýynda haýal etmän gözegçä habar beriň.

C. Eksperiment

A bölüm. Klapanyň (wentiliň) üsti bilen suw akdyrmak

1. Sazlanýan podstawkany suw ýygnalýan gabyň içinde ýerleşdiriň.

2. Nurbatlary (wintleri) sazlamak arkaly, podstawkany durnukly we gorizontal (göni) ýagdaýa getiriň.

3. Gaplar üçin niýetlenen diregi (3) podstawkanyň (11)üstüne gurnaň.

4. A gaby diregiň üstüne ýerleşdiriň.

A gabyň üç sany çykyşy bardyr: diametri 5 mm bolan deşik, diametri 4 mm bolan deşik we içki diametri 4 mm bolan kran (wentil).

A bölüminde diňe krany (wentili) ulanyň.

A1  0.50 A gabynyň içki ölçeglerini ölçäň. Gabyň inini, uzynlygyny we beýiklik şkalasynyň çyzyklarynyň (bölekleriniň) arasyndaky uzaklygy ölçäň. Iň aşaky şkala çyzygy deşikleriň we kranyň (wentiliň) merkezinden (ortasyndan) geçýändir.

A2  1.00 A gaba 5.0 sm beýiklige çenli suw guýuň. Klapany (wentili) doly açyň. Suwuň derejesiniň 5.0 cm-den 4.0 cm-e çenli peselmegi üçin gerek bolan wagty ýalňyşlygy bilen bilelikde ölçäň. Beýiklikler üçin gabyň üstündäki bellikleri ulanyň.

A3  1.50 A.2 punktdaky ölçegi 3 sm-den ýokary bolan azyndan dört sany dürli başlangyç suw beýiklikleri üçin gaýtalaň. Has pes başlangyç beýikliklerde, meselem, 1 sm-den 3 sm-e çenli aralykda, tejribe gaty uzak wagty alýar. Her bir ölçeg üçin öz tejribe maglumatlaryňyzy we suwuň derejesiniň her beýiklikden 1.0 sm peselmegi üçin sarp edilen ortaça wagty ýazyp alyň.

A4  1.00 Her bir başlangyç beýiklikden suwuň derejesi 1 sm aşak düşende, onuň akyp çykyşynyň ortaça $v_v$ tizligini tapyň.

Bellik: Size hödürlenen kalkulyatordan peýdalanmaga rugsat berilýär.

A5  1.00 Goý, ortaça tizligiň aşakdaky şerti kanagatlandyrýan bolsun

$$v_v = C_1 h^x$$
$x$ görkezijisini (derejesini) kesgitlemek üçin degişli grafik guruň. Siziň guran grafigiňizden alnan $x$ görkezijisi näçä deň?

$x$ dereje görkezijisini kesgitlemek üçin, başlangyç we ahyrky beýiklikleriň ortaça bahasyny ulanmagyň has gowy (amatly) boljakdygyna üns beriň.

B bölüm. Deşikden suwuň akyp çykmagy

Bu bölümde A gabyň diametri 4 mm bolan has kiçi deşigini ulanyň. Mundan başga-da, A bölümde ulanylan klapan (wentil) bolsa ýapyk bolmalydyr.

B1  1.50 Suwuň h beýikliginiň iň azyndan bäş dürli başlangyç bahasy üçin, suw derejesiniň 1.0 sm aşak düşmegi üçin gerek bolan wagty ölçäň

B2  0.50 Her bir başlangyç suw beýikligi üçin deşikden çykýan suwuň ortaça $v_h$ tizligini kesgitläň. A.4-däki ýaly usuly ulanyň.

B3  1.00 Klapandan (wentilden) akyp çykan suwuň ortaça $v_v$ tizligi bilen deşikden akyp çykan suwuň ortaça $v_h$ tizligini deňşdiriň.

$v_v = C_2 v_h$ diýip kabul ediň

$C_2$ hemişeligi kesgitläň.

C bölüm. Suw sagadynyň gurnalyşy

A we B gaplaryny ulanyp, suw sagadyny gurnaň.

Gaplary aşakdaky ýaly ýerleşdiriň:

A gap (klapanly) aşakda ýerleşdirilýär.

B gap (5 mm deşikli) ýokarda goýulýar.

B gap A gaby suw bilen üpjün edýär.

A gap doly açylan klapanyň (wentiliň) üsti bilen suwy boşadýar (akdyrýar).

Ulgamyň durnukly (stabil) işlemegi üçin, A gap B gapdan berilýän suw bilen hemişe doly ýa-da erňeginden dökülip duran ýagdaýda bolmalydyr.

C1  1.00 Goý, $h_c$ —A gaby doly ýagdaýda saklamak üçin zerur bolan, B gapdaky deşigiň merkezinden hasaplanýan suw sütüniniň iň pes (minimal) beýikligi bolsun.Tejribäni özbaşdak meýilleşdiriň (gurnaň) we geçiriň. Tejribe maglumatlaryny ýazyň we tejribäniň netijeleri boýunça ​​$h_c$ bahasyny kesgitläň.

C2  1.00 Suw sagadynyň işlemegi üçin B gaby wagtal-wagtal suwdan dolduryp durmalydyr. Tejribäni özbaşdak meýilleşdiriň (gurnaň). Bu eksperimentiňiziň shemasyny (çyzgysyny) çyzyň we nämäni ölçändigiňizi ýazyň.

Suw sagadynyň yzygiderli we bökdençsiz işlemegini üpjün etmek bilen, gaby täzeden doldurmagyň arasyndaky iň uzak (maksimal) wagt aralygyny tejribe arkaly kesgitläň.