Logo
Logo

Induksion Pejiň Fizikasy

A. GIRIŞ

Surat 1. Induksion peç

Bu mesele örän gyzykly aşhana fizikasy, induksion peç bilen baglanyşyklydyr. Şeýle enjam esasan tegekden ybaratdyr, bu tegek üýtgeýän tok bilen işledilip, tok hem öz üstündäki metal gazany gyzdyrýar. Bu ojakly ýa-da gazly usullaryň deregine häzirki zaman nahar bişirmek usulydyr we birnäçe artykmaçlyklary bardyr: has howpsuz bişirmek (ot ýa-da ýanyjy gaz ýok), arassa gap-gaç (gara ýanyksyz), çalt bişirmek we daşky gurşaw üçin has peýdaly (dikeldilýän elektrik energiýasy bilen işleýär). Bu tejribede biz induksion pejiniň esasyndaky gyzykly fizikany öwreneris.

Tejribe üç bölekden ybarat. Ilki bilen, biz tegeguň induktiwligini ($L$) we içki garşylygyny ($R_L$) ölçäris. Ikinjiden, induksion pejiň işlemegi üçin möhüm bolan metallaryň içindäki skin-effect hadysalary öwreneris. Üçünjiden, dürli metal gazanlaryň udel ýylylyk sygymyny ($c$) we olaryň effektiw garşylygyny ($R_{\mathrm{LOAD}}$ ) kesgitläris.

Surat 2. Tejribäni gurnama. Komponentler aşakdaky sanawda beýan edilýär.

B. Tejribe komponentleri

  1. Üýtgeýän toguň generatory (FG) (Ýygylyk diapazony (araçägi): $20 \, \mathrm{Hz}$-dan $100 \, \mathrm{kHz}$-a çenli) (1 sany).
  2. Sanly ossiloskop “Zoyi” + BNC kabel geçiriji (1 sany).
  3. Plastmassa esasda oturdylan iki sany birmeňzeş tegek (2 sany).
  4. Sekundomer (1 sany).
  5. Banan-banan simleri (4 sany).
  6. Iňňe - banan simleri (4 sany).
  7. Gara guta berkidilen sary metal rezistor $"R_1" (1\, \Omega, 100 \, \mathrm{Watt})$, (1 sany).
  8. Dört sany banan rozetkasy bolan gara guty (1 sany).
  9. Kondensatorlar $470 \, \mathrm{nF}$: (goňur), $470 \, \mu\mathrm{F}, 1000 \, \mu\mathrm{F}, 2200 \, \mu\mathrm{F} $: (goýy gök silindrler) (hersinden 1 sany)
  10. Alty granly açar (L görnüşli) (1 sany).
  11. NTC-li (otrisatel temperatura koeffisiýentli) termistor birikdirilen alýumin plastina, $\operatorname{ölçegi} = 2 \, \mathrm{cm} \times 2 \, \mathrm{cm}$, $\operatorname{galyňlygy}=0.73 \, \mathrm{mm}$ (1 sany). Bu plastinanyň iki tarapy hem ýalpyldamaýan görnüşde.
  12. NTC termistory birikdirilen SS410 poslamaýan polat plastina$\operatorname{ölçegi} = 2 \, \mathrm{cm} \times 2 \, \mathrm{cm}$, $\operatorname{thickness} = 0.76 \, \mathrm{mm}$ (1 sany). Daş görnüşi: iki tarapy zerkala, ýalpyldawuk.
  13. Alýumin plastinalary, ölçegleri: $\operatorname{size} = 2.7 \, \mathrm{cm} \times 4.6 \, \mathrm{cm}$, $\operatorname{thickness} = 0.73 \, \mathrm{mm}$, magnit syzyjylygy $\mu_r =1$, (5 sany) Daş görnüşi: iki tarapy hem ýalpyldamaýan görnüşde.
  14. Mis plastinalar, ölçegleri: $\operatorname{size} = 2.7 \, \mathrm{cm} \times 4.6 \, \mathrm{cm}$, $\operatorname{thickness} = 0.71 \, \mathrm{mm}$, magnit syzyjylygy $\mu_r =1$ (5 sany). Daş görnüşi: iki tarapy hem mämişi-gyzyl.
  15. Poslamaýan polatdan “SS304” plastinalar, ölçegleri: $\operatorname{size} = 2.7 \, \mathrm{cm} \times 4.6 \, \mathrm{cm}$,$\operatorname{thickness} = 0.72 \, \mathrm{mm}$, magnit syzyjylygy $\mu_r =1$ (4 sany). Daş görnüşi: bir tarapy ýalpyldamaýan beýleki tarapy zerkala ýalpyldaýan.
  16. Poslamaýan polatdan “SS410” plastinalar, ölçegleri: $\operatorname{size} = 2.7 \, \mathrm{cm} \times 4.6 \, \mathrm{cm}$,$\operatorname{thickness} = 0.76 \, \mathrm{mm}$, magnit syzyjylygy $\mu_r =700$ (4 sany). Daş görnüşi: iki tarapy hem ýalpyldaýan zerkala.
  17. Sanly el ossiloskopy üçin zarýad beriji we USB-C kabeli (1 sany).

Surat 3. Induksion pejiň gurluşy, (1): tegegiň pin terminallary (birleşdirijiler), (2): klemmalar (gysgyçlar), (3): tegek #1, (4): tegek #2.

Hemişelikleriň sanawy

UlulyklarBelgilenişiSan bahasy
Stefan-Bolsmanyň hemişeligi$\sigma_s$$5.670\times10^{-8}\:{\rm W\:m^{-2}K^{-4}}$
Wakuumyň magnit syzyjylygy$\mu$$4\pi\times10^{-7}\: {\rm H/m}$
Alýuminiň dykyzlygy$\rho_{\textrm{Al}}$$2700 \, \mathrm{kg/m^3}$
SS410-yň dykyzlygy$\rho_{\textrm{SS410}}$$7700 \, \mathrm{kg/m^3}$
Alýuminiň şöhlelendirijiligi$e_{\textrm{Al}}$0.65
SS410-yň şöhlelendirijiligi$e_{\textrm{SS410}}$0.8

BELLIK:

  1. D bölümi okaň: "Enjamlaryň işleýiş instruksiýalary".
  2. Ähli tejribede $C$ kondensator RLC yzygider zynjyry emele getirmek üçin gerek, sebäbi kondensator bolmasa (ýagny diňe RL zynjyrda tegek aşa gyzyp biler).
  3. Tutuş eksperimentde ýalňyşlyk hasaplamak talap edilmeýär.
  4. Ähli eksperiment üçin “Üýtgeýän tok Generator”-yň “Waveform” nastroýkasynyň “Sine” režimini saýlaň.
  5. Tegekden akýan toguň amplitudasy 2 A töweregi bolmaly.
  6. Sanly osiloskopda naprýaženiýäni, ýygylygy ölçemek we tolkun formalaryny kesgitlemek üçin "osiloskop" režimi ulanylýar. Garşylygy ölçemek üçin "multimetr" režimi ulanylýar.
  7. Osiloskopy (2) dürli "banan" terminallaryna birikmegi aňsatlaşdyrmak üçin banan-banan simine (5) birikdirip bilersiňiz.

C. Eksperiment

C.1 Eksperiment #1: Induksion tegegiň häsiýetnamasy (4.5 bal)

Induksion peçde ilkinji esasy komponent, tegekdir. Bu eksperimentde 1-nji tegegiň (ýokarky tegek) öz-özünden induksiýa koeffisientini ($L$) ölçäris, 3-nji suratda görkezilişi ýaly. Bu tegek $R_L$ içki garşylygy bilen yzygiderli birikdirilen $L$ induktiwlikli ideal tegek hökmünde seredilip biliner.

Biz $R_1$ sary metal rezistordan, tegek#1-den we kondensatordan ybarat bolan RLC zynjyryny ulanarys. Dört dürli kondensator bar. Ýükiň impedansynyň üýtgemegi sebäpli ýygylygy üýtgedeniňizde, Üýtgeýän tok generatorynyň (FG) çykyş naprýaženiýesiniň üýtgäp biljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň.

1.1 Zynjyryňyzy çyzyň we ähli degişli bölekleri belläň.

Zynjyryň umumy garşylygyna ($R_{\mathrm{TOT}}$) goşant goşýan, ähli simler zerarly ýüze çykýan ($R_C$) garşylygy hasaba almaly. $R_C$-ni kesgitläň.

1.2 Iki dürli kondensatorda: $C=470 \, \mathrm{nF}$ we $2200 \, \mu\mathrm{F}$, RLC zynjyrynyň rezonans ýygylygyny kesgitläň. Eksperimental ölçegleriňizi (datalaryňyzy) tablisada ýazyň. Rezonans egrileri çyzyň we $L$-i kesgitläň.

1.3 Şeýle hem, biz tegegiň $R_L$ garşylygyny kesgitlemek isleýäris. $L$-i takyk hasaplamak üçin bir kondensatoryň rezonans maglumatlarynyň ýeterlik däldigini görüp bilersiňiz. Şonuň üçin, $L$ we $R_L$-iň ikisini hem hasaplamak üçin yzygider RLC zynjyry eksperimentinden başga çyzykly deňleme (model) alyň.

1.4 Beýleki iki kondensator üçin hem eksperimenti amala aşyryň:$C=470 \, \mu\mathrm{F}$ we $1000 \, \mu\mathrm{F}$. Ölçegleriňizi (datalaryňyzy) tablisada ýazyň. Dört kondensator üçin hem zerur ýygylyk diapazonyny öwreniň we çyzykly grafikleri guruň.

1.5 Dört kondensator bilen geçirilen ähli eksperimentler üçin $R_L$ we $L$-i kesgitläň. Olaryň ortaça bahalaryny hasaplaň.

C.2 Eksperiment#2: Özara induksiýa we skin-gatlagyň çuňlugy (8.1 bal)

BELLIK:

  1. Bu eksperimentde (#2) tegegi işletmek üçin yzygider RLC zynjyryny $C=1000\:\mu F$ kondensator bilen ulanyň.
  2. Sanly ossiloskop üçin naprýaženiýe signaly gaty pes bolsa, şulary edip bilersiňiz: (1) "PROBE"-y 1x bilen 10x aralygynda üýtgetmek üçin MENU> F4 saýlap, signaly 10x esse güýçlendiriň. (2) Ekrany doňdurmak üçin "HOLD/SAVE" basyň.
  3. Naprýaženiýäni ölçemek üçin sanly ossiloskop ulanylanda, goh ýa-da ş.m. sesler bar bolsa "VMAX" görkezmesi nätakyk bolup biler. Osiloskop tolkun formasyny ulanyp, naprýaženiýäni ölçäň.

A. Özara induksiýa

#2 eksperiment metal plastinalary ulanmazdan iki sany tegek bilen geçirilýär (4 surata seret). Faradeýiň kanunyna görä, bir tegekde tok güýjüniň üýtgemegi ikinji tegegiň uçlarynda naprýaženiýe döredýär. Bu tegekleriň M özara induksiýa koeffisiýentlerini kesgitlemek talap edilýär.

2.1 Tegekleriň M özara induksiýa koeffisiýentini kesgitlemegiň shemasyny çyzyň.

2.2 Sizden tegekleriň ýerlerini çalşyp M ululygy iki gezek ölçemek talap edilýär. Ölçeg ediň, datalary tablisa ýazyň we her konfigurasiýa degişli grafikleri çyzyň.

2.3 Her konfigurasiýa üçin özara induksiýany $M$ kesgitläň .

B. Skin effekt eksperimenti

4-nji surat: Skin effekt eksperimenti, (1): tegegiň pin terminallary, (2): tegek # 1, (3): metal plastinalar, (4): tegek # 2.

“Skin effekt” düşünjesi induksion peçde möhüm rol oýnaýar. “Skin effekt” üýtgeýän toguň (AC) döredýän elektromagnit meýdanynyň metallara aralaşmagynyň çuňlugyny häsiýetlendirýär. Bu eksperimentde, nahar bişirmek üçin piti hökmünde ulanylyp boljak dürli metallaryň Skin effektini (Skin çuňlugyny) öwreneris. Onuň ýygylygyna baglylygyny öwreneris we metallaryň elektrik geçirijiligini ($\sigma$ ) ölçeris.

Esasy tegek hökmünde #1 tegegi, ikinji tegek hökmünde #2 tegegi ýerleşdirdik. Metalyň umumy galyňlygynyň ($\sim 3 \, \mathrm{mm}$) tegekleriň aralygy bilen deňeşdirilende ($15 \, \mathrm{mm}$ ) kiçi bolanlygy üçin, ikinji tegegiň golaýyndaky magnit meýdany takmynan hemişelik diýip kabul edip bileris ( Eger metal ýok bolsa).

Makswelliň deňlemelerine eýerip, yrgyldadýan elektrik ýa-da magnit meýdany bir geçirijä aralaşanda, geçirijiniň içindäki meýdan $z$ aralyga baglylykda eksponensial azalýar:

$$B(z)= B_0\: e^{-z/\delta}\:\cos (\omega t - z/\delta + \phi)$$

bu ýerde $B_0$ geçirijä girmezden ozal magnit meýdanyň amplitudasy, $\delta$ “skin gatlagyň çuňlugy” we $\phi$ fazadyr. Bellik: bu eksperimentde faza faktoryna $(-z/\delta+\phi)$ üns bermeýäris.

Geçirijide skin gatlagyň çuňlugy aşakdaky ýaly berilýär:

$$\delta = \sqrt{\frac{\sigma^m f^n}{\pi \mu}}$$

bu ýerde $\sigma$ elektrik geçirijiligi,$f$ ýygylyk, $\mu = \mu_r \times \mu_0$ magnit syzyjylyk, $m$ we $n$ bitin san we bu eksperimentde kesgitlenmeli dereje görkezijileridir.

Dört metal boýunça eksperiment geçireris: (1) Alýumin, (2) Mis, (3) Poslamaýan polat “SS304” we (4) Poslamaýan polat “SS410”. Metallary tegekleriň arasyna salmak bilen, ikinji tegekdäki naprýaženiýe, metaldaky köwlenme toklarynyň "goragy" zerarly azalar.

Bellik: Ilki bilen, ikinji tegekde naprýaženiýäniň düýpli üýtgemeginiň degişli ýygylyk diapazonyny kesgitläň.

2.4

Ölçeg usulyny teklip ediň we n kesgitlemek maksady bilen her metal üçin eksperiment geçiriň ( jogaby bitin sana çenli tegelekläň). Gerekli deňlemeleri ýazyň. Aralyk hasaplamalar üçin grafikleri düzmek hökman däl. Ölçeg bahalaryny (datalaryny) beriň we n we σ bahalaryny almak üçin iň soňky grafikleri düzüň.


Skin-gatlagynyň çuňlugy sebäpli ölçeg netijeleri pes bolan bir metaly kesgitläň. 2.5 we 2.6 punktlarda saýlanan metal üçin maglumatlary gaýtadan işlemegiň zerurlygy ýok.


2.5 Ölçegler usulyny ulanyp m dereje görkezijini kesgitläň.

2.6 Q2.4-de gowy ölçeg netijeleri berýän üç sany metal üçin $\sigma$-ny kesgitläň .

C.3 Eksperiment #3, Nahar bişirmek: udel ýylylyk sysygy we effektiw ýük gaylygy (7.4 bal)

Bellik:

  1. Bu eksperimentde $C=1000$ мкФ kondensator bilen yzygider birikdirilen RLC-zynjyry ýygnaň.
  2. Üns beriň! Tegegiň aşa gyzmazlygy üçin, tegekden geçýän toguň amplitudasy 2A-den geçmeli däldir.
  3. Takmynan $f=40$ кГц bolan ýygylygy ulanyň.

surat 5. Eksperimental desganyň shemasy, (1): tegek #1, (2): metal plastinalar, (3): tegek #2, (4): termorezistor.

Bu eksperimentde alýuminiý plastina we SS410 poslamaýan polat öwrenilýär. Alýuminiý plastinany alyň (enjamlaryň sanawynda 11-nji) we ony platformanyň üstüne berkidiň. Soňra 5-nji suratdaky ýaly edip beýlesine öwüriň. Olaryň arasynda ýylylyk geçirijilik arkaly ýylylyk geçmezligi üçin "plastinadan" gowy bölünen #2 tegegi ulanarsyňyz.

Gurluşy gara gutynyň içine goýuň (#8), şonuň üçin konweksiýa ýitgisi hasaba alardan az bolar. Metal "plastina" plastmassa platformada (termal izolýator) oturandygy üçin, ýylylyk geçirijilik sebäpli ýylylyk ýitgisini hem kabul etmeýäris. Şeýlelik bilen, ýeke-täk ýylylyk ýitgisi daş-töweregindäki radiasiýa (şöhlelenme) sebäpli bolýar. $T$ temperaturaly jisimiň şöhlelenme kuwwaty şu görnüşinde berilýär:

$$P_{RAD}=e A \sigma_S T^4$$

bu ýerde $e$ şöhlelendirijilik, $\sigma_S$ Stefan-Bolsmanyň hemişeligi we A şöhlelenýän ýeriň üst meýdanydyr.

NTC termistorynyň (berkidilen) garşylygyny ölçemek bilen metal “plastinanyň” temperaturasyny ölçäp bileris:

$$R_{NTC}=R_0\:\exp{[B(1/T-1/T_0)]}$$

bu ýerde $R_0 = 10 \, \mathrm{k}\Omega$ göräli $T_0 = 298 \, \mathrm{K}$ temperaturada nominal garşylykdyr ,$B = 3950 \, \mathrm{K}$ hemişelikdir we $T$ termistoryň temperaturasydyr (K-da).

3.1 Induksion pejiň nähili işleýändigini görkezmek üçin diagramma çyzyň. Gerekli fiziki ululyklary belläň.

3.2 Metal gaplaryň udel ýylylyk sygymyny ( c ) kesgitlemek üçin deňlemeler bilen fiziki model dörediň.

3.3 Alýumin plastinanyň udel ýylylylyk sygymyny kesgitlemek we degişli grafikleri çyzmak üçin eksperiment geçiriň. Plastinany gyzdyrmak üçin #2 tegegi ulanyň.

3.4 SS410 "plastina" üçin Q3.3-i gaýtalaň.

6-njy surat. Induksion peç üçin ekwiwalent model

6-njy suratda görkezilişi ýaly, Soňynda, metal “plastinanyň” gyzdyrylmagyny zynjyra bir “ýük garşylygy” $R_{\mathrm{LOAD}}$ birikdirýän ýaly modelläp bileris. Başgaça aýdanymyzda tegek we metal plastina sistemasyny, tegegiň induktiwligi $L$, tegegiň garşylygy$R_L$ we “ýük garşylygy”$R_{\mathrm{LOAD}}$ hökmünde modellendirilip bilner .

3.5 Bir model dörediň we Al plastinanyň $R_{\mathrm{LOAD}}$ kesgitlemek üçin eksperiment geçiriň. Degişli datalary tablisa ýerleşdiriň.

Teklip: Tegegiň durnukly kuwwaty bermegi we ýylylygyň birmeňzeş paýlanmagyny üpjün etmek üçin kuwwat ulanylandan takmynan 30 sekunt soň ölçegleri ýerine ýetiriň.

3.6 SS410 “plastina” üçin Q3.5 gaýtalaň.

3.7 Haýsysy nahar bişirmek üçin amatly? Birini saýlaň: (a) Alýumin ýa-da (b) SS410.

3.8 Ýokardaky saýlawyňyzda induksion peç effektinde iň esasy rol oýnaýan haýsy fiziki parametr? Birini saýlaň: (a) Elektrik geçirijiligi, (b) Magnit syzyjylygy, (c) Massanyň dykyzlygy, (d) Udel ýylylyk sygymy ýa-da (e) Ýylylyk geçirijiligi.

3.9 Induksion pejiň PTK-sy ($\eta$ ) plastina berilýän kuwwadyň tegege berlen kuwwada bolan gatnaşygy hökmünde kesgitlenýär. Iki metal plastina üçin hem PTK-ny hasaplaň.

D. GURNAMA IŞLERI

D.1. ÜÝTGEÝÄN TOK GENERATOR GUTUSY

7-nji surat. Üýtgeýän tok generator gutusy.

Komponentler:

  1. Kuwwatly LED görkezijisi
  2. Amplituda düwmesi: çykyş signalynyň amplitudasyny sazlamak
  3. Ýygylyk diapazon düwmesi: ýygylyk diapazonyny saýlamak
  4. Coarse we fine düwmeler: diapazonda ýygylygy sazlamak
  5. Waveform düwmesi: “sin”, “triangle” ýa-da “square” tolkun formasyny saýlamak. Bu eksperimentlerde: elmydama “sine” funksiýasyny saýlaň
  6. Güýçlendirilmezden öň BNC çykyşy: bu ýerde ulanylmaýar . Güýçlendirijiniň öňünde asyl signala gözegçilik etmek üçin ulanylýar
  7. Banan terminally bilen çykyş
  8. Tok rozetkasy
  9. Kuwwat düwmesi: açmak ýa-da öçürmek
  10. Ereýän predohranitel gutusy

8-nji surat. Sanly osiloskop

D.2. SANLY OSKILOSKOP

1. PANEL AÇAR FUNKSIÝALARY
Bu düwmeler sazlamalarda ugrukdyrmaga, funksiýalary saýlamaga we ölçegleri sazlamaga mümkinçilik berýär.

  1. F1-F4 düwmeleri

    Bu düwmeler ekranyň aşagynda görkezilen funksiýa menýusyna gabat gelýär.
  2. Saklamak / Ýatda saklamak düwmesi
  3. Osiloskop režiminde:

    - Gysga wagtlap basyň: Tolkun şekilli ekrany doňduryň ýa-da dowam etdiriň.

    - Uzak wagtlap basyň: şol wagtky görkezilen tolkun şekilli datalary ýatda saklaň.
     
  4. Multimetr režiminde:

    - Gysga wagtlap basyň: Ölçegi okamagy doňduryň ýa-da dowam etdiriň.
  5. MOD açary

    “Osiloskop” ýa-da “Multimetr” režimine geçmek.
  6. POWER açary . Gurluşy açmak ýa-da öçürmek üçin   2 sekunt basyň
  7. AWTO-RANGE açary . Diapazony awtomatiki sazlamak üçin
  8. MENU açary

  9. - Giňeldilen ulgam funksiýa menýusyny açmak üçin MENU basyň
    - Giňeldilen menýu opsiýalaryna geçmek üçin çep / sag ugur düwmelerini ulanyň.
    - Degişli ulgam funksiýalaryny sazlamak üçin F1-F4 düwmelerini ulanyň.
  10. DIRECTION (ýokarky, aşak, çep we sag) düwmeleri.

    Sazlamalary sazlamak üçin (meselem naprýaženiýe, wagt şkalasy), kursoryň ýagdaýyny süýşüriň we menýulardan geçiň.

2. OSCILLOKOPE ÖSÜŞ MODULY :

Osiloskop re modeiminde enjam diňe naprýa .eniýäni ölçäp, tolkun funksiýasyny wagtyň funksiýasy hökmünde görkezýär. Bu re modeim gaty ýokary ýygylyk bilen naprýatageeniýe signalyny ölçäp biler$1 \, \mathrm{MHz}$ .

  1. Birikdirme: Osiloskopyň ýokarsyndaky girişe birikmek üçin BNC kabelini (enjamlaryň sanawynda 2) ulanyň. Ony düzetmek üçin ony sagat ugruna öwüriň.
  2. Derňew sazlamasy ("PROBE"): BNC kabelinde iki pozisiýanyň birine - X1 ýa-da X10 sazlap boljak synag wyklýuçateli (açary) bar.
  3. Möhüm: Synagyň hemişe X1-e gabat gelendigine göz ýetiriň. Zerur bolsa, ossiloskop menýusynda zondy gurup bilersiňiz: giňeldilen menýuny açmak üçin MENU düwmesini basyň we X1 bilen X10 arasynda "PROBE" parametrini üýtgetmek üçin F4 düwmesini basyň.
  4. Osillografyň sazlamalary

  5. - Awtomatiki sazlama. Wagt we naprýaženiýe terezisini awtomatiki sazlamak üçin.
    - Dik we kese ugur boýunça masştab. Sazlama: VOL / TIME menýusyny açmak üçin F1 düwmesini basyň. Naprýaženiýe şkalasyny sazlamak üçin ýokary we aşak strelkaly düwmelerini ulanyň. Wagt ölçegini sazlamak üçin sag we çep strelkaly düwmelerini ulanyň.
    - Dik we keseligine süýşme: MOVE menýusyny açmak üçin F2 düwmesine basyň. Signaly keseligine geçirmek üçin sag we çep strelkaly düwmelerini ulanyň. Signaly dikligine geçirmek üçin ýokary we aşak strelkaly düwmelerini ulanyň. Trigger derejesi signal bilen hereket eder.
    - Trigger Setup: TRIG menýusyny açmak üçin F3 düwmesine basyň. Trigger derejesini dikligine geçirmek üçin ýokary we aşak strelkaly düwmelerini ulanyň. Trigger rejimi: Trigger menýusyny açmak üçin MENU düwmesini basyň, soňra F2 basyň (Auto, Normal или Single). Trigger görnüşi: trigger menýusyny açmak üçin MENU düwmesini basyň, görnüşini saýlamak üçin F3 basyň. Siz triggeriň ýokary galmasyny ýa-da peselişe başlamagy saýlap bilersiňiz.
    - Aragatnaşyk görnüşi. AC we DC birikdirme görnüşleriniň arasynda geçmek üçin F4 basyň. Bu eksperimentde diňe AC birikdirme görnüşi ulanylýar.
    - Goşmaça bellikler: Naprýaženiýe amplitudasyny ekrandaky öýjükler ýa-da “VPP” (iň ýokary we iň pes naprýaženiýeniň arasyndaky tapawut) ýa-da “Vmax” (iň ýokary naprýaženiýe) okamak bilen ölçäp bolýar. BELLIK: Käwagt ses sebäpli “Vmax” okalmagy hakyky naprýaženiýe amplitudasyndan birneme ýokary bolup biler. Has takyk bahalar üçin göni öýjüklerden okaň.

3. MULTIMETERIŇ REŽIMI: Multimetr režiminde enjam garşylygy we naprýaženiýäni ölçemek üçin ulanylyp bilner. ACüýtgeýän naprýaženiýesini ölçemek režiminde 4 sany möhüm san bilen netijäni berýär, ýöne ýygylygy 40 Hz-dan 1 kHz-a aralykda işläp bilýär.

  1. Birikme: Banan simlerini enjam birikdirijilerine birikdiriň.
  2. Naprýaženiýäniň ölçenilişi:

  3. - Naprýaženiýäni ölçemek režimine geçmek üçin F1 düwmäni basyň.
    - AC üýtgeýän we DC hemişelik naprýaženiýe ölçeg režimleriniň arasynda geçmek üçin F1-i ýene bir gezek basyň (bu synagda diňe AC üýtgeýän naprýaženiýesi ulanylýar).
    - DUÝDURYŞ: Multimetr ýygylygy 40 Hz-dan 1 kHz aralygynda AC naprýaženiýesini ölçäp biler. 1 kHz-dan uly ýygylyk bilen AC naprýaženiýesini ölçemek üçin osiloskop režimini ulanyň.
  4. Garşylygyň ölçenilişi
  5. Ommetr režimine geçmek üçin F2-ni bir gezek basyň. F2-ni birnäçe gezek basyp, enjam aýlawly ýagdaýda ommetre, diod synagyna, sygymy ölçemek we woltmetr režimlerine geçer.

4. GOŞMAÇA FUNKSIÝALAR:

  1. Awtomatiki ýapmak (“Awto öçürmek”)

  2. - Giňeldilen ulgam menýusyny açmak üçin MENU düwmesini basyň.
    - Awtomatiki ýapmagyň wagt sazlamasyny saýlamak üçin F2 basyň.
    - Enjam işsiz wagty batareýanyň güýjüni tygşytlamak üçin 15 minuda düzmek maslahat berilýär.
  3. Yşyk çyrasy (“BK Light”)

  4. - Giňeldilen ulgam menýusyny açmak üçin MENU düwmesini basyň
    - Yzky yşyk ýagtylygyny sazlamak üçin F3 basyň

5. DIGITAL OSCILLOSCOPE ZYARANMAK
Enjamyň elmydama ulanmaga taýýardygyny üpjün etmek üçin batareýanyň derejesini yzarlaň.

  1. Batareýanyň görkezijisi ekranyň ýokarky sagynda görkezilýär
  2. Berilýän osiloskopy, C görnüşli USB kabeli we adapteri ulanyp zarýad beriň
  3. Zarýad berilýän wagty el elindäki osiloskopy ulanmak maslahat berilmeýär, sebäbi bu garaşylmadyk ses çykaryp biler
  4. Batareýanyň derejesini saklamak üçin, multimetr ulanylmaýan wagty zarýad bermegi we awtomatiki ýapmak aýratynlygyny ulanmagy maslahat berýäris.