Fizikada, göni ölçemek kyn bolan ululyklar üçin synlanýan (gözegçilik edilýän) üýtgeýjilerden gytaklaýyn netije çykarmak standart çemeleşmedir. Bu meselede, micro:bit-iň özünde bar bolan takyklyk çäklendirmelerine garamazdan, onuň gurlan ADC-sini (analog-sanly öwürüjisini) ulanyp, näbelli garşylygy kesgitlemegiň metodologiýasyny öwrenilýär. Ýokary öndürijilikli daşarky enjamlary ulanmagyň deregine, esasy üns strategik eksperimental dizaýn arkaly gurluşyň ulgamlaýyn ýalňyşlygyny (göz öňünde tutulýan gyşarmasyny) akyl ýetiriş usuly bilen ýeňip geçmäge gönükdirilendir. Gurluşdan gurluşa üýtgeýän ADC tapawutlaryny azaltmak we baha bermegiň adalatlylygyny üpjün etmek üçin, bu çemeleşmäniň bir bölegi hökmünde üç sany aýratyn micro:bit gurluşy berilýär; bu bolsa talyplara ähtimal amatsyzlyklary ulgamlaýyn azaltmaga mümkinçilik berýär. Netijede, bu barlag çäklendirilen gurşawda ygtybarly netijeleri gazanmak üçin ölçeg çäklendirmelerini ýeňip geçmek prosesiniň ähmiýetini görkezýär.
Bellik: Sifr takyklygy bu meseläniň bahalandyryş shemasynda göz öňünde tutulmaýar.
1. Zynjyr tagtasy (maket platasy): Tejribe zynjyrlaryňyzy (shemalaryňyzy) gurnamak we birleşdirmek üçin ulanylýan tagta. Maket platasy (breadboard) iki sany daşky gyrasy boýunça iýmitleşdiriş (+) we zeminleme (topraklama)(-) togyny üpjün etmek üçin deşikleri dolulygyna wertikal sütünler görnüşinde birikdirilen tok liniýalaryndan ybaratdyr. Ortadaky komponent meýdançasy bolsa, hersi anyk bäş deşikden ybarat bolan (A–E we F–J) gorizontal hatarlar boýunça içki birikmelere eýedir. Bu çep we sag tarapdaky bäş deşikli gruppalar ortadan geçýän merkezi bölüji (bölüniş zolagy) arkaly biri-birinden doly izolirlenendir (çäklendirilendir).
2. Takyk garşylyklaryň toplumlary (A, B, Ç we D): 0.1% ýalňyşlygy bolan ýokary takyklykly komponentler. Bu ýerde mälim bolan garşylyklar ulgamyň takyklygyny barlamak üçin salgylanma "dogry bahalar" bolup hyzmat edýär; mälim bolmadyk (näbelli) garşylyklar bolsa tejribe arkaly kesgitlemek üçin reňkli gabyklar bilen gurşalyp gizlenendir. Diýmek, bu näbelli bahalary bilmek üçin gabyklary aýyrmaga ýa-da olara zeper ýetirmäge bolan islendik synanyşyk synag düzgünlerini bozmak hökmünde berk jezalandyrylar.
Micro:bit toplumy: Micro:bit-den, giňeltme platasyndan(3a), öňünden birleşdirilen üç sany birleşdiriji simden (3b,3c,3d) we AAA kysymly alkalin batareýalary bilen üpjün edilen batareýa gutusyndan(3e) ybarat bolan doly mikrokontrolleriň doly toplumyndan ybartdyr.
1. Simleri birleşdirmek boýunça gollanma (1-nji surata serediň) Giňeltme tagtasyndaky üç sany birleşdiriji simleri olaryň dik ýerleşişine görä şeýle birleşdiriň:
Maksat — Micro:bit-iň sanly çykyş görkezijisi bilen düwün potensialynyň arasyndaky korrelýasiýany (özara baglanyşygy) derňemekdir. A garşylyklar toplumyndan sekiz sany birmeňzeş garşylyklardan ybarat zynjyr (shema) gurnap, toplanan maglumatlaryň esasynda gurlan ADC-niň (analog-sanly öwürüjiniň) hakykatdanam ideal çyzykly modele laýyk gelýändigini ýa-da gelmeýändigini barlarsyňyz. Ölçeg prosesinde Micro:bit-iň pini zynjyryň potensial paýlanyşyna täsir etmeýän ideal zond hökmünde kabul edilýär. Ähli garşylyklaryň birmeňzeşdigini nazarda tutup, bu bölümde daşarky ölçeg enjamlaryny ulanmazdan, diňe alnan maglumatlary zynjyryň gurluş aýratynlyklary bilen özara deňeşdirme arkaly, naprýaženiýe bilen ADC görkezijileriniň arasyndaky proporsional baglanyşygyň hakykatdanam ýerliklidigini logiki taýdan subut etmek maksat edinilýär.
A1
0.60
Eksperimental gurluş we zynjyryň shemalary
Görkezilen eksperimental maksatlara ýetmek üçin garşylyklar baglanyşygyny guruň we oňa degişli zynjyr shemasyny hödürläň. Shemany guranyňyzda aşakdaky görkezmelere eýeriň:
Potensial ölçegleri alynjak ähli düwünleri belgiläň we olaryň her birine özboluşly identifikator (belgi) belläň (meselen, a, b we ş.m.).
Micro:bit giňeltme platasynyň iýmitlendiriji düwün birikdirijileriniň ($V_c, GND$) garşylyklar baglanyşygy bilen birikdirilen nokatlaryny degişlilikde $V_c$ we $ GND$ hökmünde aýdyň belgiläň.
A2 0.60 Ähli düwünler üçin ölçegleri almak maksady bilen, taslanan zynjyrda diňe bir sany Micro:bit ulanyp eksperiment geçiriň. Çyzyklylygy (liniýalylygy) barlamak üçin goňşy düwünleriň arasyndaky ADC ölçegleriniň tapawudyny hasaplaň we iň uly gyşarmanyň 2% bolmagyna esaslanyp çyzyklylygy kesgitläň. (islendik aýry-aýry maglumat nokady bilen maglumatlar toplumynyň ortaça bahasynyň arasyndaky iň uly aýratyn tapawut).
[Indiki eksperimentler üçin görkezmeler]
A bölüm tamamlanyňyzdan soň, eksperimentde ulanylan rezistorlaryň diňe ikisini özüňizde galdyryň we galanlarynyň hemmesini asyl gutusyna (Rezistor bukja A) yza gaýtaryp salyň. Bu çäre, indiki eksperimental proseduralarda (ädimlerde) olaryň beýleki komponentler bilen garyşyp gitmezligini üpjün etmek üçindir.
Bu bölümiň maksady — belli bolan salgylanma garşylygyny ($R$) we Micro:bit-iň ADC çykyşyny ulanmak arkaly näbelli garşylygyň ($r$) bahasyny kesgitlemek. Derňew üçin aşakdaky çaklamalar kabul edilýär:
B1
0.50
Zynjyryň gurluşy we shemalary
Nämälim garşylygy ($r$) ölçemek üçin salgylanma rezistoryny () ulanyp, ölçeg zynjyryny guruň. Oňa degişli zynjyr shemasyny hödürläň.
Bellik: Salgylanma garşylygy ($R$) göni $ GND$ düwünine birikdirilmelidir. Ölçeg alynjak ähli düwünleri harplar bilen belgiläň we zynjyr shemasynda ähli degişli üýtgeýän ululyklary (görkezijileri) aýdyň görkeziň. Micro:bit giňeltme platasynyň iýmitlendiriji sim birikdirijileriniň ($V_c, GND$) garşylyklar toplumy bilen birgiden nokatlaryny degişlilikde $V_c$ we $ GND$ hökmünde aýdyň belgiläň.
B2
0.50
Bahalandyryş formulalarynyň gelip çykyşy
Naprýaženiýe bölüji düzgünini ulanyp, nämälim garşylyk üçin aňlatma gelip çykyň. Ilki bilen düwün potensiallaň arasyndaky baglanyşygy anyklaň we $N_L $, $N_H$ ýaly ADC çykyş bahalaryny ulanyp, ahyrky formulany getirip çykaryň. Soňra bolsa, $N_L= 0$ we $N_H =1023$ bolan ýagdaýy üçin formulany täzeden ýazyň.
B3
1.00
Eksperiment we maglumatlar analizi
Üç sany Micro:bit ulanyp ölçegleri geçiriň, her enjam üçin her düwünden bir gezek görkezme alyň we maglumatlary belläp ýazyň. Mälim bolan we nämälim garşylyklaryň ikisiniň hem hakyky bahasynyň $3.3\text{ k}\Omega$ boljakdygyny çaklap, 3 sany ADC boýunça ortaça alnan otnositel ýalňyşlygy ($\bar{\epsilon}$) we bahalandyrylan garşylyk bahalarynyň otnositel standart gyşarmasyny (RSD) hasaplaň. Ortaça otnositel ýalňyşlyk — ölçelen we hakyky bahalaryň arasyndaky gyşarmanyň hakyky baha normalaşdyrylan (bölünen) ortaça modul ululygydyr. RSD bolsa standart gyşarmanyň ortaça baha bolan gatnaşygydyr.
B4 0.60 ADC ölçeg ýalňyşlygynyň ($e$) bahalandyrylan garşylygyň takyklygyna ýetirýän täsirini derňäň. Ýönekeýlik üçün, $N_{L}=0$ we $N_{H}=1023$ diýip çaklaň. Alnan garşylyk ýalňyşlygyny $\Delta r$, $N,e$ we $R$ ululyklary arkaly aňladýan baglanyşygy gelip çykyň. $e$ ululygynyň $N$ bilen deňeşdirilende ýeterlik derejede kiçidigini çaklaň.
[Indiki eksperimentler üçin görkezmeler] B bölegi tamamlanyňyzdan soň, ähli zatlary asyl gutusyna (Rezistor bukja A) yza gaýtaryp salyň. Bu çäre, indiki eksperimental proseduralarda (ädimlerde) olaryň beýleki komponentler bilen garyşyp gitmezligini üpjün etmek üçünindir.
Bu eksperiment, kwantlama ýalňyşlygy sebäpli B bölegindäki esasy usulyň ýetersiz bolan şertlerinde garşylygy has takyk bahalandyrmagy gazanmagy maksat edinýär. Kwantlama ýalňyşlygy — Analog-sanly öwürüjiniň (ADC) çäklendirilen rugsat berijilik ukybyndan (resolution) gelip çykýan, yzygiderli analog giriş signaly bilen onuň diskret, sanlylaşdyrylan aňlatmasynyň arasyndaky tapawutdyr. Garşylyk gatnaşygy ($r/R$) 1-den ep-esli gyşaranda, kwantlama ýalňyşlygy (ASÖ görkezmesindäki bir ädimlik tapawut) proporsional däl derejede ulalýar we bu bolsa bahalandyrylýan garşylykda düýpli ýalňyşlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Bu bölekde Rezistorlar toplumy C ulanylýar.
C1
0.60
Başlangyç garşylygy bahalandyrmak we statistiki analiz
Rezistorlar toplumy C-den salgylanma rezistoryny ($12\text{ k}\Omega$) ulanyp, B bölegindäki usulyňyza esaslanyp, degişlilikde nämälim $r_1$ (gök gabyjak) we $r_2$ (gyzyl gabyjak) rezistorlarynyň bahalaryny çaklaň (hasaplaň). Üç sany Micro:bit-iň biri üçin bahalandyrylan garşylygy hasaplaň.
C2
0.60
Takyklygy ýokarlandyrmak üçin eksperimental taslama
C.1 böleginiň netijelerine esaslanyp, nämälim rezistor $r_2$ (gyzyl gabyjak) üçin alnan çaklama (bahalandyrma) bahalarynyň takyklygy ýa-de ygtybarlylygy bütinleý kanagatlanarly bolman biler. Bu ýagdaý, çaklama ýalňyşlygynyň garşylyk gatnaşygyna ($r/R$) baglylykda U-şekilli egri çyzygy (grafigi) yzarlaýandygy baradaky fiziki aýratynlyk bilen düşündirilýär. Bu meseleni çözmek we $r_2$ üçin has takyk bahalandyrmany gazanmak maksady bilen, eksperimental shema (gurluş) guruň we $R, r_1, r_2$ şerti esasynda zerur bolan zynjyr shemalaryny hödürläň.
Bellik: Ähli shemalarda ölçeg düwünleri (nokatlary) we olara degişli üýtgeýän ululyklar (pergeler) aýdyn bellenilmelidir. Micro:bit giňeltme platasynyň (expansion board) iýmitlendiriji jumper simleriniň ($V_c, GND$) we rezistorlar torynyň arasyndaky birikme nokatlaryny degişlilikde $V_c$ we $ GND$ diýip aýdyn görkeziň.
C3
0.70
Eksperiment we maglumatlar analizi
C.2 böleginde teklip edilen täze eksperimental taslama esasynda $r_2$ ululygynyň bahasyny täzeden çaklaň (hasaplaň). Üç sany Micro:bit-iň her biri üçin garşylygy hasaplaň we bahalandyrylýan garşylygyň iň uly (maksimal) hem-de iň kiçi (minimal) bahalarynyň arasyndaky tapawudy kesgitläň.
[Indiki eksperimentler üçin görkezmeler]
A bölüm tamamlanandan soň, eksperimentde ulanylan garşylyklaryň diňe ikisini saklaň we galanlarynyň hemmesini öz asyl gutusyna (A garşylyklar toplumyna) gaýtaryp goýuň. Bu çäre indiki eksperimental proseduralarda (etaplarda) olaryň başga komponentler bilen garyşmazlygyny üpjün etmek üçindir.
Rezistorlar toplumy D-de mälim bolan $R_1(=510 \text{ k} \Omega)$ rezistory we nämälim bolan $r$ rezistory bardyr. B bölegindäki ýönekeý bahalandyryş usulyny ulanmak uly ölçeg ýalňyşlyklaryna (säwliklerine) getirip biler. Bu tabşyrykda ýüze çykýan gapma-gargylyklar (tapawutlar) düýbünden başga bir fiziki faktordan gözbaş alýar — ol faktor hem ADC çyzykly dälliginden we kwantlama ýalňyşlyklarynyň ulalmagyndan (C bölegi) düýpli tapawutlanýar. Siziň wezipäňiz (çallenjňiz) — bu esasy gizlin faktory anyklamak we $r$ ululygyny takyk bahalandyrmak (hasaplamak) üçin ölçeg strategiýasyny we meýilnamasyny işläp düzmekdir.
D1
0.80
Zynjyr taslamasy we shemalar
Nämälim $r$ rezistoryny bahalandyrmagyň (hasaplamagyň) takyklygyny ýokarlandyrmak üçin bir usul oýlap tapyň we oňa degişli zynjyr shemasyny hödürläň.
Bellik: Shemada ähli ölçeg düwünlerini (nokatlaryny) we olara degişli üýtgeýän ululyklary (pergeleri) aýdyn bellenň. Micro:bit giňeltme platasynyň iýmitlendiriji jumper simleriniň ($V_c, GND$) we rezistorlar torynyň arasyndaky birikme nokatlaryny degişlilikde $V_c$ we $ GND$ diýip aýdyn görkeziň.
D2
1.80
Bahalandyryş formulalarynyň gelip çykyşy
Işläp düzen zynjyr taslamaňyza esaslanyp, nämälim $r$ garşylygyny hasaplamak üçin matematiki aňlatmalary gelip çykaryň. Ilki bilen $r$ we düwün potensiallarynyň arasyndaky baglanyşygy anyklaň, soňra bolsa ADC çykyş bahalaryny ($N_H , N_L, ,,,$) ulanyp, ahyrky formulany getirip çykaryň.
D3
0.80
Eksperiment we maglumatlar analizi
Işläp düzen taslamaňyzy iş ýüzünde amala aşyryň (gurnuň) we $r$ ululygynyň bahasyny çaklaň (hasaplaň). Üç sany Micro:bit-iň her biri üçin bahalandyrylan garşylygy hasaplaň, olaryň ortaça bahasyny ($\bar r$) gelip çykyň (tapyň) we bahalandyrylan garşylyklaryň iň uly (maksimal) hem-de iň kiçi (minimal) bahalarynyň arasyndaky tapawudy kesgitläň.